şadyýanlyk

şadyýanlyk
[şa:dyýa:nlyk]
1) Keýpi köklük, şähdaçyklyk, şat göwünlilik, şatlyk.
∙ Men nähili şadyýanlyk bilen bu öýe geldim. (G. Muhtarow, Pýesalar)
2) Şatlyk, dabara.
∙ Kolhozçylar gök gowaçalaryň içinde şadyýanlyk bilen otag otaýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Goý, onuň maslygynyň üstünde şagallar şadyýanlyk etsinler! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Bu ne şadyýanlyk! Bu ne ajap iş! (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem şadyýanlyk - şadyýanlygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»